Şekillendiriş sungatynda dostana gatnaşyklar

2 Maý 2024
967

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletara medeni gatnaşyklar türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny dabaralandyrmakda giň şertleri döredýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçysy, Özbegistanyň halk suratkeşi Akmal Nuridinow, Gazagystanyň Al-Faraby adyndaky Milli uniwersitetiniň mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Žanarbek Beristenow, Gyrgyzystanyň I.Arabaýew adyndaky Döwlet uniwersitetiniň professory, Gyrgyzystanyň halk suratkeşi Ýuristanbek Şygaýew, Täjigistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Nargis Hamidowa dagy gatnaşdy. Olar ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlaryna we talyp ýaşlaryna özleriniň milli sungatynyň aýratynlyklary, belli suratkeşleriň döredijiligi hem-de çeperçilik hünärleri boýunça bilim berlişi, häzirki zaman sungaty öwreniş ylmynyň nazaryýeti barada gürrüň berdiler.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň kafedra müdiri.