Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär

1 Maý 2024
502

Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar.

1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketine ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýändigini bellemek gerek. Ol ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere, hususan-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli halkymyzyň iň gowy däpleri, ynsanperwerlik we rehim-şepagatlylyk ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýar. Bilelikdäki işler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga, jemgyýetiň işgärleriniň hem-de meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.

(TDH)