Özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

29 Aprel 2024
450

Mälim bolşy ýaly, 28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip, esasy baýramçylyk çäreleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Bu dabaralar tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzy iki halkyň taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyklaryna esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň Raisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyna ünsi çekdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de myhman gatnaşmak bagty miýesser eden baýramçylyk dabaralarynyň giň möçberli häsiýete eýe bolandygyny belledi.

«Nesil».