«S7 Airlines» ýylyň ahyryna çenli elektron awiaulgamy arkaly ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder

29 Aprel 2024
314

«S7 Airlines» 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «e-AWB» elektron awiaulgamynyň («Electronic Air Waybill» adynyň gysgaldylan görnüşi) üsti bilen ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder. Bu barada ýük daşaýjy kompaniýanyň metbugat gullugy «Logirusa» habar berdi.

Mart aýynda kompaniýa şu tehnologiýany ulanyp ýükleriň 11 000-den gowrak toplumyny daşady. Häzirki wagtda «e-AWB» tehnologiýasyny «S7 Airlines» kompaniýasynyň howa menzilleriniň üçüsi — Domodedowo (Moskwa), Tolmaçewo (Nowosibirsk), we Irkutsk, galyberse-de, Wladiwostok, Krasnoýarsk, Tümen, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Mirnyý ýaly uçuş duralgalary ulanýar. — «Wladiwostok – Irkutsk» we «Nowosibirsk – Tümen» howa gatnawlarynda «e-AWB» tehnologiýasy arkaly ýük daşamagy resmileşdirmegiň derejesi 100 %-e ýetýär. Nowosibirsk bilen Wladiwostok, Nowosibirsk we Irkutsk aralygyndaky uçuşlarda resminamalaryň 80 %-den gowragy kagyz hasap-fakturalaryny ulanmazdan berilýär, Moskwadan Irkutskä uzaýan gatnawlarda bolsa 50 %-den gowragy — diýip, «S7 Airlines» kompaniýasynyň ýük daşamagy we ýerdäki üpjünçiligi guramak bölüminiň baş direktoryň orunbasary Nikita Fedorin aýtdy.