Uly maksatlara ugrukdyran forum

28 Aprel 2024
320

Mälim bolşy ýaly, 24-25-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirildi. Oňa 31 döwletden 300-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň arasynda abraýly halkara guramalaryň: BMG-niň, Ýewraziýanyň Ykdysady bileleşiginiň, Halkara energetika agentliginiň, Ählumumy gaz merkeziniň, OPEK-iň, şeýle-de Türkmenistanyň köp ýyllyk hyzmatdaşlary «Petronas», «CNPC», «ADNOC», «Dragon Oil», «Bouygues Bâtiment International», «GaffneyCline» ýaly kompaniýalaryň wekilleri bar. Foruma türkmen tarapyndan ýangyç-energetika pudagynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Forumda edilen çykyşlarda, esasan hem, häzirki wagtda dünýäde şäherleşme depgininiň ösýändigi (diňe 2030-njy ýyla çenli ýene bir milliard adam şäherlere göçer, bu bolsa Parižiň ululygyndaky 50-ä golaý täze şäheriň gurulmagyny talap edýär), barha ýokarlanýan ykdysady işjeňligiň has köp energiýa talap edýändigi barada aýratyn durlup geçildi.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».