Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan bilelikde üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürerler

28 Aprel 2024
275

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen amatly nyrh şertleri dörediler. Bu bolsa konteýner otlularynyň Hytaýdan Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana hem-de ondan aňyrlygyna — Pakistana, Hindistana we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna geçmegini üpjün eder.

Deslapky hasaplamalara görä, Sian we Urumçi şäherlerinden (HHR) Owganystana (Turgunda we Andhoýa çenli) has ýakyn ugur arkaly harytlary eltmegiň wagty 10 — 12 güne çenli azalar. Şoňa laýyklykda, agzalan ugur boýunça bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň Söwda we senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda Kabulda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşykda ylalaşyk gazanyldy.

Taýýarlan: Tirkiş JUMADURDYÝEW,
TDBGI-niň mugallymy.