Daşary ýurtlaryň awiakompaniýalary ýurdumyza howa gatnawlaryny artdyrýarlar

28 Aprel 2024
323

Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň artmagy netijesinde daşary ýurtlaryň awiakompaniýalary tarapyndan ýurdumyza amala aşyrýan howa gatnawlarynyň sany hem yzygiderli artýar. Muňa mysal edip, Hytaýyň «China Southern Airlines» awiakompaniýasynyň Urumçi— Aşgabat — Urumçi ugry boýunça ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini görkezmek bolar. Has takygy, kompaniýa tarapyndan agzalan ugur boýunça howa gatnawlary şu ýylyň 18-nji maýyndan başlap, hepdede iki gezek amala aşyrylar.

Maglumat üçin, häzirki wagtda «China Southern Airlines» kompaniýasy tarapyndan Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugry boýunça howa gatnawy hepdede bir gezek, ýagny her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylýar.

Taýýarlan: Maksat ALLAKOW,
TDBGI-niň talyby.