Italiýa uly ýediligiň ýurtlaryny kömürden ýüz öwürmäge çagyrýar

28 Aprel 2024
310

Italiýa uly ýediligiň (G7) ýurtlarynyň arasynda elektrik energiýasyny öndürmekde kömürden peýdalanmagy bes etmek boýunça umumy senäni bellemek üçin ylalaşyk gazanylmagyny teklip etdi. Bu barada «Reuters» habar berýär.

Şu ýyl uly ýedilige başlyklyk edýän Italiýanyň özi 2025-nji ýylda Sardiniýa adalaryndakylardan daşary ähli kömürden elektrik energiýasyny öndürýän elektrik stansiýalaryny ýapmagy meýilleşdirýär.

Taýýarlan: Myrat MÄMMETGELDIÝEW,
TDBGI-niň talyby.