Üns merkezinde — maliýe bazarlarynyň ösüş meýilleri

27 Aprel 2024
402

Düýn Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we agzalan bilim ojagy tarapyndan bilelikde guralan foruma halkara maliýe guramalarynyň, iri gazna biržalarynyň, banklaryň wekilleri, Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Awstraliýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň, Litwanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň professor-mugallymlary, alymlary gatnaşdylar.

Utgaşykly görnüşde guralan halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda sergi guraldy. Onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, bilim ulgamyndaky özgertmeleri, talyp ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini beýan edýän gymmatlyklara möhüm orun berildi.

(Ýörite habarçymyz).