Dostluk. Ynanyşmak. Hoşniýetlilik

26 Aprel 2024
362

Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biri-de Beýik Britaniýadyr. Bu ýurt bilen döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, dostluk, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Köp ýyllaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. 24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi, dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Hususan-da, söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy. Taraplaryň pikirine görä, ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mümkinçiliklerini giňden ulanmak maksadalaýykdyr. Nebitgaz pudagy, oba hojalygy, täze tehnologiýalar geljegi uly ugurlar hökmünde bellenildi.

«Nesil».