Ikitaraplaýyn gatnaşyklar netijeli ösdürilýär

26 Aprel 2024
436

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biri Germaniýa döwleti bolup, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ençeme ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Muny 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamyň türkmen-german hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlarynyň biridigini aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Germaniýa lukmançylyk senagaty, oba hojalygy, bank ulgamlarynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň ençemesi uzak ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.

«Nesil».