Halkara ylmy-amaly maslahat: işjeň häsiýete we ýokary guramaçylyga beslendi

26 Aprel 2024
426

Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy-amaly maslahat bölümlerde öz işini dowam etdi. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Amul galasy: bilelikdäki arheologiýa gözlegleriniň geljegi» diýen at bilen işlän bölümde türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar Beýik Ýupek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň ugrunda ýerleşen gadymy Amul şäheriniň ösen ýaşaýyş-durmuş medeniýeti, bu ýerde senetçiligiň, söwda gatnaşyklarynyň ösüşi dogrusynda anyk mysallar arkaly gürrüň etdiler. Dürli döwürlerde galada tapylan gymmatlyklar hem bu sebitiň geçmişdäki ösen medeniýetinden habar berýär diýip, çykyş edenler bellediler.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.