Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar

26 Aprel 2024
280

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar. Gepleşikler türkmen, owgan we gazak wekiliýetleriniň arasynda bolup geçer. Şol maksat bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem Owganystana sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Gazagystanyň arasynda geçiriljek üçtaraplaýyn gepleşiklereiň esasy temasy sebit intergasiýasyny we taraplaryň özara söwdasyny, üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmekden ybarat bolar.
«Bakhtar News» saýtynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde türkmen-owgan gepleşikleri hem geçirilip, onda, esasan, iki ýurduň arasyndaky söwdany we üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.