Halkara olimpiada geçirildi

25 Aprel 2024
386

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda iri halkara çäreler, maslahatlardyr bäsleşikler yzygiderli guralýar. Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III halkara olimpiada (IIOE — 2024) geçirildi. Oňa dünýä ýurtlaryndan iki müňe golaý talyp gatnaşdy.

Üstünlikli geçen halkara olimpiada gatnaşanlaryň hatarynda Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Russiýa, Hindistan, Türkiýe, Hytaý, Belarus, Demirgazyk Kipr, Şri-Lanka, Fransiýa, Awstriýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Argentina, Awstraliýa, Indoneziýa, Ispaniýa, Tailand, Malaýziýa, Yrak, Wýetnam, BAE, Koreýa Respublikasy, Rumyniýa ýaly ýurtlaryň talyplary-da bar.

Tawus BERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.