Medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti

25 Aprel 2024
417

Halkara ylmy-amaly maslahatyň guramaçylary tarapyndan oňa gatnaşyjylar üçin şu gün öýlän welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda şüweleňli konsert guraldy. Onda lebaply meşhur estrada ýyldyzlary joşgunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Olaryň ruhubelent çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bagtyýar ilimizde gazanylýan ösüş-özgertmeleriň, dost-doganlygyň, barha berkeýän halkara hyzmatdaşlyklarynyň waspnamasyna öwrüldi. Şu günki konsert sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy bilen jemlendi.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.