Islendik bir döwrüň keşbini, syýasy, ykdysady, medeni-ruhy ahwalyny onuň taryhy bilen birlikde çeper edebiýatynda, halk döredijiliginde hem görmek bolýar. Sebäbi döwrüň şahsyýetleri, şahyrlary halkyň durmuşynda, barlyga bolan garaýşynda ýüze çykýan maddy hem-de ruhy zerurlyklarynyň ählisini belli bir düşünjelerde jemläp, ony özleriniň gahrymançylygyna, döredijiligine siňdirýärler. Munuň şeýledigine ÕIÕ asyr türkmen edebiýatyny öwreneniňde hem göz ýetirmek bolýar. Bu döwrüň çeper edebiýatynda esasy zerurlyk hökmünde üç zat — at, ýarag hem-de ýagşy zenan öňe sürlüpdir. Ony döwrüň nusgawy şahyrlarynyň şygyrlaryny okanyňda bu üçlügiň asudalygyň goragy, jemgyýet, bagtly durmuş, ýigit... üçin wajyp zerurlyk bolandygyna akyl ýetirýärsiň. Şahyrlar çeper sözüň üsti bilen şol zerurlyklaryň tarypyny ýetirip, halky agzybirlige, goçaklary Watan goragyna, nesilleri milli hem-de durmuşy dowamata, ahlaklylyga, ynsanperwerlige, umuman, ähli oňynlyklara çagyrypdyrlar, ruhlandyrypdyrlar. Şeýle şahsyýetleriň biri-de änewli ozan şahyr Dostmämmetdir (Dostmuhammetdir).
Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza serpaý eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly şadiwanynda: «Magtymguly Pyragynyň watançylyk taglymy Dostmämmet şahyryň goşgusynda türkmen taryhyna buýsanjy, şol taryhy döreden il-ulsuň watançylygy bolup ýaşaýar» diýlip beýan edilmegi şahyryň döredijiliginiň gorly hazynadygyny görkezýär. Onuň şeýle bolmagyna hem Dostmuhammediň ýaşan döwrüniň, jemgyýetiniň, durmuşynyň hem-de döredijilik gatnaşygyny saklan bagşydyr şahyrlarynyň täsir edendigi bellidir. Dostmämmediň döredijiligini öwreneniňde onuň şygyrlarynyň: watançylyk, durmuşy, yşky hem-de elegiýa görnüşlerinde ýazylandygy mälim bolýar.