Ýaş suratkeşler bäsleşdiler

3 Mart 2023
432

Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň meýilnamasy esasynda welaýat “Türkmen tebigaty” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde “Men tebigaty söýýärin we ony goraýaryn” ady bilen surat bäsleşigi geçirildi. Oňa ýaş suratkeşler, has takygy, Mary şäheriniň 1-nji, 6-njy, 19-njy hem-de 25-nji orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.

Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Onda ýaş suratkeşler surat çekmek boýunça öz ukyp-başarnygyny aýan etdiler. Olaryň çeken suratlaryna adalatly baha berildi. Şeýle-de, olara mugallymlar tarapyndan degerli maslahatlar berildi. Bäsleşikde 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Bibiemine Gaýgysyzowa, 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Humaý Atamämmedowa, şeýle-de, şol mekdebiň okuwçysy Wepa Çargylyjow degişlilikde öňdäki orunlara eýe bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary gowşuryldy.

Beýleki habarlar