Beýik başlangyçlar ýol alýar

11 Sentýabr 2024
27

Sport syýasatynyň dabaralanmasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzilleri rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar. Döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýene bir nygtamaly hakykat bolsa, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar.