Harby özgertmeleriň möhüm ugurlary

8 Aprel 2021
820

6-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garalan bu mejlisde Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli yzygiderlilikde söz berdi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar