Çaga — eziz, edebi ondan hem eziz

7 Awgust 2024
101

ABADAN ERTIRIMIZIŇ NESILLERI ÝETIŞÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň kämil bilim, asylly terbiýe almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Hut şol maksat bilen bakja-bagymyzyň işgärleri özleriniň wezipe-borçlaryna oňat hem dogry düşünip, körpe neslimize bilim-terbiýe bermegiň inçe ýollaryny gözleýärler. Bagymyzda 527 çaga terbiýelenýär. Olar uly bakja, kiçi bakja, orta ýaşly, mekdebe taýýarlaýyş toparyna bölünýärler. Terbiýeçilerdir mugallymlar çagalaryň dogry iýmitlenmegine, asuda, rahat dynç almagyna gözegçilik edip, olaryň zehinli, bilimli, edepli çagalar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýarlar. Terbiýeçileriň şeýle yhlasly zähmeti öz miwesini hem berýär. Has takygy, çagalar bakja-bagymyzyň körpeleri etrap, welaýat boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda guralýan dürli bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Beýleki habarlar