Datly miweli daragt

1 Awgust 2024
280

Bagtyýar geljegiň özeni ylym-bilimde, asylly edep-terbiýede. Ylym — hiç wagt solmaýan täze lybas. Ylym bilen ösüş, kuwwatlylyk, dünýägaraýyş, medeni gatnaşyklar kemala gelýär. Bir akyldar: «Eger-de seniň ýaşaýyş-durmuş aladaň bary-ýogy bir ýyllyk bolsa, onda bugdaý ek. Ýok, ol aladaň bäş-on ýyla niýetlenen bolsa, onda miweli, ir-iýmişli bag ek. Eger seniň aladaň has uzagyndan bolsa, onda ýaşaýyş dowamat dowam bolar ýaly, nesliňe mynasyp terbiýe ber, ony bilimli-ylymly, hatly-sowatly et. Bilimli nesliň ruhy baý bolýandyr. Bu daragt ebedidir. Ylym-bilim altyndan gymmat» diýenmişin. Bu tymsalyň hikmeti bagtyýar ýaşaýşyň özeni bolan ylmyň, bilimiň, edep-terbiýäniň ebediligidir.

Islendik hünäriň esasy öwrenmekdir. Öwrenmegiň ýeke-täk ýoly bolsa tejribedir. Akyldarlaryň biri: «Zehini, bilimi we zähmete söýgüsi bolan adam üçin päsgelçilik ýokdur. Esasy zat wagtyňy ähmiýetli zada sarp etmekdir» diýipdir. Ylma yhlasly zähmet siňdirilse, adamyň bagtyýar durmuşy şöhratlanýar. Il içinde: «Ynsana berlen kyrk gylygyň serdary paýhasdyr, edepdir, ýöne ol hem zähmete, tejribä mätäçdir» diýlen pähim bar.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar