Magtymguly — ruhy jany türkmeniň

22 Iýul 2024
198

Özbegistan üçin Türkmenistan iň ýakyn goňşy, serhetdeş döwlet, dogan hem ygtybarly dostdur. Özbek we türkmen halklaryny diňe bir geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, taryhy umumylyklar, köpasyrlyk ruhy-medeni däplerdir hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Aýdylyşy ýaly, dünýä uzaýan dostluk ýollary goňşy öýünden — iň ýakyn serhetdeş ýurtlarymyzdan başlanýar.

Hawa, bu günki gün ähli ugurlarda depginli ösdürilýän özbek-türkmen gatnaşyklaryna gadyrlylygyň hem ýürekdeşligiň mahsusdygyny hiç kim inkär etmese gerek. Bu, hakykatdan-da, şeýle. Daşkendiň gözel künjekleriniň birinde «Aşgabat» seýilgähi türkmen ýüreginiň ýylysyny tutuş halkymyza paýlap otyr. Ak mermerli Aşgabatda «Daşkent» seýilgähiniň myhmanlara gujak açmagy bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkidýär.

Gülnoza RAMANOWA,
Özbegistanyň žurnalistika we köpçülikleýin kommunikasiýalar uniwersitetiniň jemgyýetçilik gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar