Bir etrapdan iki habar

10 Iýun 2024
175

Wagyz-nesihat çäresi

Golaýda «Maşgala gymmatlyklary — türkmen döwletliliginiň, milli terbiýäniň özeni» diýen at bilen Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa KA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri, ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, ýaşlar we etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Arslan Taganow, il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, mährem ene Maral Halnazarowa, etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi Nurmyrat Öserow, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi Öwez Allaýarow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Mahmut Ýazow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, Watanymyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesillerimizi zähmetsöýer, watansöýiji, ylymly-bilimli, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize ygrarly edip ýetişdirmekde öňde durýan wezipeler barada nygtadylar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen her bir raýatyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy, dynç almagy, öndürijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda hem aýratyn belläp geçdiler.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar