Ylymlar dünýäsine bagyşlandy

11 Iýun 2024
355

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Şol mynasybetli 10-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baş binasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda sergi geçirildi. «Ylym özgertmeler ýolunda möhüm ugurdyr» atly bu sergi ýaş nesliň döwrebap düşünjeli we giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksada okgunly bolup kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işleriň beýany boldy.

Sergi iki bölümden ybarat bolup, birinji bölümde Türkmenistanyň taryhy bilen bagly gazuw-agtaryş işleriniň iş pursatlaryndan dokumental foto suratlar we ýurdumyzyň çäginde tapylan arheologik gymmatlyklar görkezilýär. Olaryň arasynda keramiki we metal gaplar, bina bölekleri, diwar bezegleri özboluşlylygy, täsinligi, ýerine ýetiriliş taýdan çeperligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Serginiň ikinji bölüminde tebigy ylymlary bilen baglanyşykly dokumental suratlar hem-de dürli muzeý gymmatlyklar görkezilýär. Şeýle-de ýurdumyzda türkmen ylmynyň ösmegine uly goşant goşan belli alymlaryň portretleri, ylmy we ylmy-populýar kitaplar ýerleşdirilipdir. Bu sergi on gün dowam eder.

Täzegül REJEPOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar