Gelin-gyzlarymyzyň çeper el hünäri barada gürrüň edilende, geçen ýyl gözel Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşan daşary ýurtly zenanyň ol ýerde guralan amaly-haşam sungatynyň sergisini synlap: «Türkmen zenanlaryna baha berjek bolsaň, olaryň el işlerini synlaýmaly» diýen sözleri ýadyma düşýär. Sergini, esasan, «Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň önümleri bezäpdi. Biri-birinden owadan, dürli nagyşly kürteler, çabytlar, donlar, ýapynjalar, keteni köýneklerdir gyňaçlar älemgoşar öwüşgini bilen gözüň ýagyny iýip barýardy. Daşary ýurtlardan gelen myhmanlar sünnälenip bejerilen keşdeleri öwran-öwran synlap, olaryň inçeden nepisligine, reňkleriniň özara sazlaşygyna haýran galdylar.
Bu buýsançly pursat «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mermer paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynda ýene-de gaýtalandy. Paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler zalynda guralan çeper el işleriniň sergisinde «Mähirli zenanyň» ajaýyp lybaslaryna aýratyn orun berildi. Bu taryhy wakanyň yzysüre, ýagny 21—25-nji maý aralygynda hususy kärhananyň çeper elli zenanlarynyň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Zerkeşdelik, zergärçilik, keşdeçilik sungaty boýunça halkara festiwala gatnaşmagy gaýtalanmajak gözelligi döredýän türkmen zenanlarynyň çeper el ussatlygyny, tebigy zehinini, döredijilik ukybyny ýene-de bir gezek dünýä äşgär etdi.