Agzybirligiň hem bagtyň baýramy

11 Dekabr 2021
1387

Häzirki döwürde bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerimiz milli Liderimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde hil taýdan täze derejä eýe bolýar. Baky Bitaraplygymyzyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti has-da artýar.

Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir edýän türkmen Bitaraplygy söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we hukuk ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasynda durýar. Bitaraplygyň Türkmenistanyň we türkmen halkynyň durmuş-ykdysady gazananlarynyň binýadynda durýan möhüm syýasy-hukuk ähmiýeti alymlardyr halkara bilermenleri tarapyndan doly ykrar edilýär. Biziň ýurdumyz öz Bitaraplyk derejesini ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitleri üçin peýdalanýar. Dünýäniň birnäçe döwletini özüne birleşdirýän iň kuwwatly we abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatynyň esasynda tutuş Aziýa yklymyndaky ylalaşdyryjy merkez hökmünde bütin adamzadyň uly ynamyna eýe boldy.

Nedir BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň harby gullukçysy, maýor.