Bagy baryň saýasy bar

29 Mart 2022
1198

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri döwlet derejesinde ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ajaýyp tebigy gözelliklere baý ýurdumyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek wajyp wezipeleriň biridir. Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda sebitde ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, biodürlüligi baýlaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan saýaly we pürli bezeg agaçlarynyň, gülleriň täze görnüşleriniň tohumlarydyr nahallaryny getirip oturtmak, ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrmak işlerine giň gerim berildi.

Atalarymyzyň ýiti paýhasyndan kemal tapyp, biziň günlerimize gelip ýeten «Bagy baryň saýasy bar», «Bagy baryň miwesi bar» diýen parasatly jümleleri halkyň durmuşynyň içinden syzylyp çykan hakykatdan gözbaş alýar. Dogrudan-da, bagyň bolsa, saýaň-da bolýar, miwäň-de. «Kesewini gögerdip bilýän» keremli türkmen topragynda islän daragtyň, islän ekiniň kök urup, miwe getirip, bol hasyl eçilýändigine ak bazarlarymyzyň tekjelerini dolduryp, gözüňi dokundyryp duran ir-iýmiş, bakja we gök ekin önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyndan hem göz ýetirmek bolýar.

Muhammet DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar