Bag — gözellik, miwesi — lezzet

30 Mart 2022
1224

Güneşli Diýarymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Bag ekmek, ony idetmek, hasyl ýygnamak adamyň ruhuny göterýär, ýüregini joşduryp, ýakymly lezzet berýär. Bag ekmek ýaly asylly däbi gadymdan bäri ýörelge edinen halkymyzyň edebi döredijiliginde ir-iýmişleriň waspy çeper beýan edilýär. Miweli agaçlaryň mesgeni bolan ata Watanymyzda özüniň süýji tagamy bilen belli bolan üzüm, alma, erik, tut, şetdaly, garaly ýaly agaçlar diňe datly miwe bermän, eýsem, howany arassalamakda, ynsan ruhuny götermekde hem uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäresi geçirilýär. Bu köpçülikleýin çäre şu ýyl 23-nji martda geçirildi. Oňa ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar.

Bag ekmek işleri biziň etrabymyzda hem uly guramaçylyk bilen geçirilýär. Biz hem şol bag ekmek çärelerine mekdebimiziň agzybir işgärleri we okuwçylary bolup işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň daş-töweregine ýaşajyk miweli we saýaly agaçlary oturtdyk.

Rejepbaý ILLIÝEW,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar