Ruhy çeşme
Adamyň tebigatyna bilmek, öwrenmek, ösmek, döretmek mahsus. Bu zerurlygy kanagatlandyrmak üçin gadym döwürlerden bäri kitaplar esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmen halky kitaplara mukaddeslik hökmünde garap, gadymy golýazma kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap, nesillerden-nesillere geçiripdirler. Kitaplar adamyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda gymmatly durmuş mekdebi, nesil terbiýesiniň özeni bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly kitabynda Anna mugallym bilen Berdimuhamet mugallymyň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça «Nesillere nesihat» depderindäki maslahatlar nesil terbiýesinde gymmatly ähmiýete eýedir. Anna aga il arasynda kitaphon adam hökmünde tanalypdyr, bir ýerlerde del kitap bar diýip eşitse, ähli işini taşlap, uzak ýola geçip, şol kitaby satyn alyp geler eken, hatda satmaga diýip äkiden üzümini çelpek ýaly ýukajyk kitaba çalşyp gelen pursatlary hem bolupdyr. Şeýdip iki sany äpet uly sandyk dolusy kitap, golýazma, öz pikir-garaýyşlary ýazylan doly hazyna döreden Anna aga ýaly adamlar milli gymmatlyklarymyzyň, apalap saklaýan mukaddesliklerimiziň asyrlarboýy aman galyp, nesillere geçip gelmeginde bahasyz hyzmat görkezipdirler. Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynda güzerany bilen başagaý Welmyrat aganyň guba düýesini bir kitaba çalşyp gelşi örän çeper, halky dilde beýan edilýär. Şol kitabyň Ma