GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi

21 Iýul 2024
159

Golaýda A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş birleşiginiň, Belarussiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa institutynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän GDA-nyň ýaş halkaraçylarynyň A.A.Gromyko adyndaky bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bu ýyl bäsleşige GDA agza ýurtlaryň 330-a golaý ýokary okuw mekdebinden 2181 sany ýaş hünärmendir halkaraçy talyp gatnaşdy. Olar «Beýik Watançylyk urşunyň taryhy meseleleri we taryhyň galplaşdyrylmagyna garşy göreş», «BMG-niň häzirki zaman dünýäsindäki orny», «Ýewraziýa giňişliginde integrasiýa prosesleri we diplomatiýa», «Ýewropa Bileleşigi we GDA-nyň daşary syýasaty» ýaly temalarda ýazan ylmy işlerini ugratdylar.

«Biznes reklama ».