Halkara fizika olimpiadasyndan hoş habar

22 Iýul 2024
188

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň Hanty-Mansiýsk şäherinde geçirilen halkara ylmy fizika olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlik gazanmagy başardylar.

Olimpiada Russiýa, Indoneziýa, Hindistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Ermenistan, Belarus, Beýik Britaniýa, Kanada, Katar, Peru, Gana, Pakistan, Siriýa, ABŞ, Çernogoriýa, Müsür, Kuba, Kuweýt ýaly döwletlerden 100-den gowrak okuwçy, şol sanda biziň ýurdumyzdan hem 4 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy J.Nuryýew we dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy M.Janmyradow bürünç medallara, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy A.Weljanowa bolsa höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

(Ýörite habarçymyz).