"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Söz aşygy Babak baba

Edebiýata, çeper söze bolan aşyklyk halkymyzyň ruhunda bar. Çünki halkyň hakydasy heňňamyň uzyn menzillerinde kämilligiň mizanyndan geçip bilen zatlary özüne siňdirýär. Hakydalarda bolsa diňe ýürekden çykyp, ýürege ýetenler galýar. Ondan daşdaky howaýylyklaryň ählisi-de pursatlara siňip gidýär. Diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, adamzadyň paýhasynyň ykrary bolan dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bize galdyran edebi mirasy hem ähli döwürleriň köňlüni bir bütewi ruha düzüp bilen mukaddeslikdir. Sözüň güýjüniň nämelere dahyllydygyny aýan edip giden şahyryň ýaşy 300 ýyl diýlip kesgitlenilse-de, onuň ömrüniň welin, entek müňýyllyklardan habar berjekdigi jedelsiz hakykatdyr. Öz döwründe halkyň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň çäginde hak bilen nähaka, haýyr bilen şere seljerme berýän durmuş ýörelgeleri şahyryň şygyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle şygyrlary gaýtalaý-gaýtalaý ozan çykan, şygyrlaryň her setirinden bir rowaýat tapyp, ussatlyk derejesine ýeten ynsanlar dana Pyragynyň paýhasly şygyrlarynyň edebiýata aşyk hakyky zehinleri ýüze çykarandygyny görkezýär. Bu hem öz gezeginde türkmen topragynyň sözüň güýji bilen ykballara täsirini ýetirip bilýän şahsyýetleri dünýä berýän toprakdygyny subut edýär. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynda ýaşap geçen Babak Nazar (biz oňa Babak baba diýerdik) ogludyr. 1890 — 1974-nji ýyllarda ýaşap geçe

Derdinden

Aşygam, saklana bilmen, Saýraýan diliň derdinden.

Bileniň — baýlygyň

Farabynyň parasatly sözleri Ýaşuly adamlaryň nesihatyny diňlemelidiginiň esasy sebäbi, olar senden öň bu ýollary geçip, onuň belentli--pesli ýerlerine belet bolandyrlar. Olar özleriniň geçen ýoluna ser salyp, uzak oýlanýarlar. Şonuň üçin hem olar ýaşlara wagyz-nesihat edýärler.

Rowaýat

Suwulgan Gadym döwürlerde bir baý ýaşapdyr, onuň hem bir gyzy bar eken. Bu baýyň malyna-garasyna seredip ýören garyp ýigit hyzmatkäri bolupdyr. Bu ýigit görmekli, akylly, işeňňir oglan eken. Onuň bilen baýyň gyzy biri-birini sulhy alşyp, halaşypdyrlar. Baýyň öz gyzyny hyzmatkäre bermejegini bilibem bular gaçyp gitmegi ýüreklerine düwüp, gaçyp gidipdirler.

Halkyň hazynasyndan

Ýüpüniň üstünde odun goýup bolarmyka?! Halk arasynda bu aýtgynyň gelip çykyşynyň dürli hili aýdylýan görnüşleriniňem bolmagy ähtimaldyr.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Geçmişimize buýsanç, geljegimize güwäm,Sözden gurlan ymarat, mäkäm dowamat-dowam,Ýagşy doga-dilegler dilimdedir her sabam,Beýikleriň beýigi, şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Islegleri wysaldyr aklyklaryň astynda,Owazasy belentdir goja Zemin üstünde,Asly halallyk bardyr ata-baba kesbinde,Beýikleriň beýigi, şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Bagtymyň binýady (durmuş pursaty)

Gyzlar bilesigeliji bolýar. Bu häsiýet menden hem sowa geçmändi. Ähli işi oňarýandygyma garamazdan, myhman jaýymyzy hemişe özi arassalaýan ejemiň bu endiginiň sebäbine düşünesim gelýärdi. Her gezek ilki gap-çanaklary ýuwuşdyryp, içerini mazaly tertiplänimden soň, tozan sorujyny elime aldygym, ejem öňki endigine görä içki jaýy özi arassalajakdygyny aýdardy. Her gezek şol bir ýagdaýyň gaýtalanyp durandygy üçin bir gün ejeme soragly nazarymy dikdim-de, onuň näme sebäpden myhman jaýymyzy hemişe hut özüniň arassalaýandygyny soradym. Ol ýüzüme manyly seretdi-de, törümizde duran el halynyň üstünde jaýlaşyp oturdy. Soňra halyny sypap şeýle diýdi: — Gyzym, her bir adamyň eziz görýän, arzylaýan zady bolýar. Ine, bu haly maňa mamaň pahyryň eden toý sowgady. Ejem jan bu halyny ýörite meniň üçin dokady. Şu halyny dokap başlanyndan tä gutarýança-da maňa bagt diledi. Bukjama atylan bu haly meniň gözlerim bilen seretseň ejem janyň şol dileglerini öz kalbyna siňdiren keramat. Nämüçindir bu halynyň ýazylan otagyna girsem henizler hem gulagymda ejemiň şol alkyşly sözleri ýaňlanyp başlaýar. Şol mähirli sözlere, altyndan gymmatly alkyşlara maýyl bolup men her gün şu halyny ellerim bilen sypap-sypap ganyp bilmeýärin. Ejem, maňa öýüň düýbi tutulanda, tamdyr salnanda hem-de haly dokalyp başlananda edilen ýagşy dilegleriň hökman Arşyň dergähinde kabul bolýandygyny aýdardy. Bu hakykatdan hem şeýle eken,

Şygryýet älemi

BARYBIR...(Ejeme) Çäge syrap, ýene-de ýel öwüsýär,Bir-birine ýelmeşip dur kirpikler.Ýel hem ýatar, ýagyş ýagar... barybir,Gursakdaky gussaň ody serpikmez.

Akyldar şahyra buýsanç

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu ajaýyp ýerde dünýä edebiýatynyň wekilleriniň heýkelleri hem ýerleşdirilendir. Munuň özi ýurdumyzda halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklara, nusgawy edebiýata aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli taraplaryna öz şuglasyny çaýýar. Şahyryň her bir şygrynyň many-mazmuny durmuşyň, adamzadyň meselelerini açyp görkezýär. Akyldaryň ynsana goýýan hormaty bimöçberdir. Adamlara hoşamaýlyk, duýgudaşlyk, il-halkyňy söýmek, milli mertebäňi sylamak şahyryň döredijiliginiň özenini düzýär.

Hoş gal, eziz mekdebim!

Seniň goýnuňda geçdi,Çagalygym, ýaşlygym.Gündeligmi bezedi,Alan her bir bäşligim. Hoş gal, eziz mekdebim,Unutmaryn hiç haçan.Sensiň meniň geljegme,Durmuşyma ýol açan.

Tapmaçalar we matallar

Batyr bilen Gulaja,Mydam gezer bileje. (Adam we onuň kölegesi).

Ýaşuly çopanyň gürrüňi

Çagalar, siziň okajak gysgajyk «Ýaşuly çopanyň gürrüňi» hekaýaňyz sözleýşiňizi ösdürmek üçin ýardam eder. Üns beriň, sözlerde haýsy harplara has köp duş gelinýär, ol harplar haýsylar? Ajap eje agtyjaklary bilen saçak ýazmaga başlady. Juma suwly jürdegi alyp, daýysy Çerkez çopanyň eline suw akytdy. Olar üýşüp oturdylar. Goňşy gyzlar hem geldi. Ýaşuly çopan çagalara çöl jandarlary barada gürrüň berdi:

“Magtymguly—söz ummanynyň ägirdi” atly bäsleşige

Sözüň gudratynyň aňrybaş çägi,Arkadagyň şahyr hakda eseri.Sözden gurlan köşgüň parlaýan Tugy--Arkadagyň şahyr hakda eseri.

Täze kitap kalplarda mäkäm orun alar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz kitabyň ilkinji sanyny Gahryman Arkadagymyza ibermegi makul bilendigini aýdyp, bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň täze kitabynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Munuň özi daşary ýurtly okyjylaryň sanyny has-da artdyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini görkezýär. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alnypdyr.

Akyldara belent sarpa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilýär. Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheri söz ussadynyň şanly senesine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin baran türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli garşylady. Wolga derýasyny etekläp oturan şäherde guralan medeni we bilim maksatly çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, türkmen-rus dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýakynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Onda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi hem görkezildi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan film festiwalyň ýörite baýragy bilen sylaglanyldy. Täze dokumental film türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň keşbini we döredijiliginiň ähmiýetini dünýäniň kino söýüjilerine täsirli açyp görkezýär.

Jebisligiň şahyry

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Bu gün Magtymgulynyň öz eziz iline arzuw eden bagtyýar durmuşy hasyl boldy. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä kartasynda asudalygyň we agzybirligiň mekany hökmünde orta çykdy» diýip, mundan birnäçe ýyl öň aýdan dürdäne sözleri durmuş hakykata öwrüldi. Türkmeniň Hakdan halatly şahyrynyň:

Sözüň ruhy

(Hekaýa) Hindistandan gelýän kerwen Eýranyň Bender-Abbas şäherinde ýük ýazdyrdy. Magtymguly bitiren hyzmaty üçin kerwenbaşa taňryýalkasyn aýdyp, kerwensaraýyň çaýhanasyna bardy. Şahyr çaýçydan Gürgene gidýän kerwen barada sorady. Ol Magtymguly üçin çaý demläp durşuna şu gün Gürgene gidýän kerweniň Yspyhanyň üsti bilen gidýändigini habar berdi.

Goşgyny kim ýazýar?

Ylham gökden inip, düşende ýere, Men ýazamok, galam ýazýar goşgyny.

Mani ýa-da pul harplygy Oýun ýaly usul arkaly Oýun ýaly usul arkaly we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 1 AK LABRADOR

Nädip ynjalyksyzlygy bes etmeli we ýaşap başlamaly

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Men ýaşyl yşyga garaşýan