"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sowal

Sen men hakda nämeleri bilýärsiň? Meniň üçin kimdigiňi bilýäňmi?Sensiz göwnüm tümdügini bilýäňmi?Bilýäňmi, illerden seni gabanyp,Howla düşýänimi, mahy-tabanym?

Yhlasly ynsanyň ykbaly

Ynsanyň ykbaly ösüşlerden, özgerişlerden dos-doly. Jemgyýetde öz ornuny tapan islendik adamyň geçmişinde häzirki gazanan şowlulyklarynyň astynda niçeme zähmetdir muşakgatlyklaryň bolandygyny köptaraply pikirlenýän ynsan eýýäm düşünýär. Bu ýagdaý pugta yhlasyňa bagly! Iň bir köp tomaşaçyly, dünýä belli žurnalistler aýtmyşlaýyn, «millionlaryň oýny» diýip tarypy ýetirilýän futbol älemindäki iki oýunçy hakynda gürrüň etmeýän az bolsa gerek. Elbetde, bu diýýänlerimiziň Kriştianu Ronaldu hem-de Lionel Messidigine düşünmek kyn däl. Dogrusy, Messä berilýän taryplar şeýleräk: «ylahydan zehinli, ol hamala başga planetaly». Sport bilermenleriniň pikirleri hem dürli-dürli. Ýöne zehin diýilýän nygmatyň üstünde işlemeseň kämilleşmeýändigini bizden öňürti ençeme ynsanlar tekrarladylaram, jaýdar belledilerem. Olaryň pikirlerini goldamazlygam mümkin däl. Ýöne Ronaldu öz topardaşlary aýtmyşlaýyn, iki esse türgenleşip, şonçaragam «ýaşyl meýdançada» özüni taplamaga ymtylýar. Türgenleşikdäki zähmeti, erjelligi bilen kämillige, üstünlige ymtylýandygyny köpler bellediler. Ronaldu hakyndaky ýagşy taryplaram ýetik. Mysal üçin, halypa sport žurnalistleriniň biri aýtmyşlaýyn, eger Messi bilen Ronaldunyň kämillik döwürleri biri-birine gabat gelmedik bolsady, onda Lionel häzirki wagtda 13 «altyn topuň» eýesi bolardy. Bu ýerde žurnalist olaryň ýagşy manydaky ýaryşyny göçme manyda, has çeper röwüşde beýan e

Watançy şahyr

Türkmen edebiýatynyň beýik şahsyýeti Magtymguly Pyragy özüniň bütin manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagyş eden, öz il-ýurduny, Watanyny tüýs ýürekden söýen, onuň ar-namysyny bar zatdan belent tutan hakyky watançy şahyrdyr. Geçen — 2023-nji ýylyň güýzünde maňa-da Magtymguly atamyzyň ýaşan, keramatly aýak yzlaryny goýan ýerlerine, ýagny, Garrygala sebitlerine aýlanyp görmek miýesser etdi. Bu ýerleriň gözel tebigaty mende örän üýtgeşik duýgulary döretdi. Daglaryň arassa howasy, çeşme-çaýlary, baýyrlary, gözel Sumbaryň narlary, diýseň, täsin. Bu ýerde durnanyň gözi ýaly arassa dagdan inýän çeşme suwy jana şypa berýär. Belki-de, Magtymguly atamyz pähim eleginde elenen şygyrlaryny şu çeşmeden gana-gana içip ýazandyr. Parheý jülgesi, onuň gözel tebigaty, dermanlyk otlary ünsüňi özüne çekýär. Şahyr bu jülgede gör näçe gezek bolandyr. Özüniň göwün kelamyny beýan edendir.

Ilim-günüm ekeni

Il-günüme hiç ikilik etmedim, Habar aldym hassalanyň halyndan.

Miras

Serpme Ol döwürde oba hojalyk ýükleri esasan araba bilen daşalýardy. Oňa, köplenç, ýaby (at), eşek ýa gatyr goşulardy. Onuň goşulýan ulagyň iki gapdalyndan gelýän agajyna arabanyň arşy, ýük goýulýan ýerine-de sandygy diýilýärdi.

Danalar ylym barada

Ylmyň ösüşi alymlaryň zähmeti we açyşlary bilen kesgitlenilýär. L. PASTER.

Hekaýat

Ynam Gadym eýýamdaky şäherleriň biriniň ýekşenbe günündäki bazarynda söwda gyzgalaňly gidýärdi. Bir garyp daýhan satyn almak üçin kätmenleri gözden geçirýärdi. Bu zähmet guraly oňa öz ýerini işläp, bejermek üçin zerurdy. Ýöne puluň ýetmezçiligi meşhur ussalaryň ýasan zatlaryny diňe synlamaga we olardan lezzet almaga mümkinçilik berýärdi.

Syntgylanan setirler

“Gaýrat et” diýildigi “bigaýrat bolma” diýildigimikä!? “Guş uçar hili bilen” diýlen aýtga giç akyl ýetirendigime uçursyz gynanýaryn. Öz sürüsine birigip, guş bolup, uçup ýören ynsanlara ak ýürekden gözüm gidýär.

Şygryýet älemi

AK BUGDAÝLY AJAP DÖWÜR Işiň şowly bolsun, gallaçy daýhan,Edermen sen, gaýratly sen, merdana.Arly ýylky çeken zähmetiň bilen,Nur çaýyldy ak bugdaýly meýdana.

Ýaşyl ganatly (Hekaýa)

Oba ýerinde ulalyp, kemala gelseň, guşçulyk, maldarçylyk, ekerançylyk bilen bagly ýagdaýlardan üzňe ýaşap bolmaýar. Bu meniň durmuşymda-da şeýle boldy. Obamyzda her öýde diýen ýaly towukdyr towşanam, goýun geçidir mal-garada saklanýardy. Aýratyn hem goňşymyz Täzegül gelneje bilen ejemiň towuk saklaýşy hiç kimiň çeni-çaky däldi. Ejem hindi guşunyň jüýjelerini bazardan getirip, idedip başlan gününiň ertesi Täzegül gelneje-de hindi guşunyň jüýjelerini satyn alyp, jüýje ketegini doldurdy. Şeýde-şeýde ejem ördek köpeltse, ördek aldylar, gaz alsa-da, gaz satyn aldylar. Garaz, bu iki hojalygyň howlusynda towuk ketekleriniň sany-da, tutýan meýdany-da artyberdi. Bir gün ejem bazardan ap-akja towukdan ýigrimä golaýyny getirdi-de, täze guran ketegine saldy. Bar belanyň başy hem şundan başlandy. Gün öýle boluberende, Täzegül gelneje daşky işigiň öňüne gelip, ejemi çagyrdy:

Täsin duýgy (durmuş pursaty)

Kän wagtdan bäri obamy küýseýän ýüregim hyýalymy alyslara alyp gaçýar. Çünki ol ýerde iň ýakymly ýatlamalarym galdy. Esasan hem, ýaş oglan wagtlarymyz depedir düzleri aýakýalaňaç ylgap geçen ýerlerim gözlerimiň öňünde. Mal bakmaga gidenimde men mydama goýun sürüsiniň yzyndan ýöremegi gowy görerdim. Sebäbi süriniň aýak yzlaryndan çykýan tozanjygyň düşündirip bolmaýan ýakymly ysy bardy. Megerem, bu ene topragyň mährem ysy bolsa gerek. Ýöne bu ajaýyp ysy duýup, ondan täsin lezzet alýan diňe özümdim. Ulaldygymça inçe duýgurlygym meniň köp zatlardan uly lezzet alyp bilmegime sebäp boldy. Ýyllar geçdi, bileje okan synpdaşlarym toý pişmesi ýaly seçilip gitdiler. Öýden okuw diýip gaýdanyma eýýäm bäş ýyl bolupdyr. Bu ýyl men hem okuwymy tamamlaýardym.

Şygryýet älemi

SENLI GÜNLER Kalbymda duýgular dyňzap,Saçlarym şemal oýnady.Gözlerim bir seni gözläp,Yşkym gursaga sygmady.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — paýhas mekdebi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda beýik şahsyýetler, akyldarlar, şahyrlar kemala geldi. Milli edebiýatymyzyň şygyr hazynasyny hasyl eden, özboluşly milli häsiýetli edebi döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna mynasyp goşant goşan nusgawy şahyrlarymyz munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär. Eserleri gaýtalanyp okalýan we her gezek okalanda ruhy lezzet, güýç-kuwwat berýän, ahlak-terbiýe mekdebini döreden akyldarlardan Döwletmämmet Azadyny, Magtymguly Pyragyny, Ýunus Emräni, Garajaoglany, Nurmuhammet Andalyby, Zelilini, Keminäni, Mollanepesi, Mätäjini mysal getirmek bolar. Bu şahsyýetler sözüň ussatlary hökmünde durmuş meselelerine özboluşly garaýyşlary bilen halkymyzyň hakydasynda we kalbynda ýaşap gelýär. Ömrüniň, durmuşynyň halk bilen baglanyşygy, döredijiliginiň milliligi, düşnükliligi, çeperçilik kämilligi bilen türkmeniň danasy Magtymguly Pyragy dünýäde ykrar edilen paýhasly şahyrdyr. Şonuň üçin dünýä halklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň şöhraty uludyr. Ynsan kalbyna ýagşylyk şuglasyny çaýýan Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasy asylly ýörelgelerimizde uly orun aldy. Dünýä meşhur, tanymal pähimdaryň adynyň, ömür ýolunyň, döredijiliginiň, ýaşan döwrüniň türkmen edebiýatynda örän köp ýyllardan bäri görnükli orny eýeleýändigi halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Gündogar halklarynda Magtymguly paýhasly, talapkär halypa hasaplanýar. Bu barada ХIХ asyryň nusgawy şahyry Mämmetw

Nusgawy edebiýatyň altyn hazynasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňişleýin öwrenmäge, halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Ady äleme dolan türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy dünýäniň söz medeniýetinde öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň döredijiligi halkymyzyň müňýyllyklardan miras galan genji-hazynasydyr. Nijeme asyrlar geçse-de, dana akyldaryň Watanyňy, il-ýurduňy söýmäge, jebislige, agzybirlige, parahat durmuşa çagyrýan şahyrana setirleri ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy. Beýik söz ussadynyň döredijiliginde adamzat durmuşyna degişli meseleler beýan edilýär. Gozgalýan meseleleriň çözgüdi bolsa, halkymyzyň milli ýörelgelerine we umumadamzat bähbitli pikirlere esaslanýar. Magtymgulynyň nesillere nesihat goýan edebi mirasy halkymyzyň aňyna, durmuşyna we hakydasyna ornaşyp, Garaşsyz döwletimiziň we häzirki zaman türkmen jemgyýetimiziň ruhy sazlaşygynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Beýik söz ussadynyň döredijiligi türkmen halky üçin paýhas ummany, ylham çesmesi bolup ýaşaýar. Akyldar dananyň goşgularynyň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy bar.

Akyldar şahyryň edebi mirasy

Adamzat kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gymmatly miras, ruhy hazynadyr. Adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan akyldaryň şygyrlary tutuş umumadamzat üçin ruhy gymmatlykdyr. Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň ruhy şamçyragy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkymyz tutuş dünýä derejesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki dag gerişleriniň belentliginde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Magtymguly Pyragynyň bu ýadygärligine halkymyz çäksiz hormat-sylag bilen gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman

Her jümlesi Dünýe malyndan zyýat

Kitap — ruhy baýlygyň sakasy. Ol ynsan oglunyň akylyny goýazylaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär, geçmişidir şu gününden habar berip, geljegini aýdyňlaşdyrýar. Hut şonuň üçin-de, pederlerimiziň nesillerini sowatly etmek, kitaplary hemrasyna öwürmek ýaly asylly ýörelgeleri wagt geçdigi saýy döwrebaplaşmak, kämilleşmek bilen. Täze taryhy döwürde hem ol mynasyp dowamata eýe. Muňa her bir güni toýdur baýrama beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 17-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykandygy baradaky hoş habary hem-de onuň ilkinji nusgasyny Milli Liderimize ibermegi aýdyň subutnamadyr. Türkmen akyldarynyň ebedi mirasyny — her jümlesi dünýe malyndan zyýat görülýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlaryny özünde jemleýän bu kitabyň neşir edilmegi halkymyzy guwandyran wakalaryň birine öwrüldi. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda ýokary hilde çap edildi. Onuň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi dana şahyryň döredijiliginiň dünýä halklaryna ýetirilmeginde ähmiýeti juda uludyr.

Magtymgulynyň şygyrlarynda bedew waspy

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, şygryýet ummanynyň akyldary Magtymguly Pyragy akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussadydyr. Onuň kalp töründen syzylyp çykan şygyrlarda durmuşyň ähli meseleleri, şol sanda bedewleriň waspy hem öz beýanyny tapypdyr. Bedew at mert ýigitleriň syrdaş dosty bolupdyr. Magtymgulynyň ýaşan döwründe bedew durmuş üçin ilkinji zerurlyk hasaplanypdyr. Şahyr eýesine wepaly bedewi saýlap münmegi mert ýigidiň baş maksady hasaplaýar. Ol bedew atyň batyrlyk hem ýyndamlyk tarapynyň zerurlygyny aýdýar. Mert ýigide il-günüň, Watanyň goragynda durmak üçin bedew at gerek. Bedew aty saýlamakda dana akyldar şeýle diýýär:

Zyba guş

Men köp ýyllardan bäri Magtymguly atamyzyň aramgähine zyýarat etmegi göwnümde besleýärdim. Ine, bu gün nesibäm meni şol ýere atardy. Zyýaratgähe adamlar köp ýygnanan ekeni. Özi-de olaryň köpüsi çet ýurtlardan gelen adamlar — dana Magtymgulynyň edebi mirasynyň muşdaklary. Muny olaryň dana akyldar hakynda aýdýan gürrüňleri beýan edip durdy. Ine-de, gürrüňi hindi topragyndan gelen zenan başlady:

Mirkulal baba barada söhbet

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Bady-sabany görsem» atly goşgusynda: «Bahaweddin, Mirkulal, // Zeňňi babany görsem» diýip beýan edýän taryhy şahsyýetleri, onuň döredijiligine, düşünje dünýäsine täsir eden beýik adamlar bolmaly. Magtymguly Pyragynyň durmuş ýol-ýörelgesi, döredijilik dünýäsi örän giň bolup, onuň sopuçylyk bilen baglanyşykly şygyrlary hem köpdür. Sopuçylygyň nagyşbendiçilik taglymatyna uýan, onuň ýörelgelerinden ugur alan Magtymgulynyň döredijiliginiň süňňi, esasy sopuçylyk taglymatyna, ýagny tarykata baglydyr. Tasawwufyň nagyşbendiçilik tarykatyny esaslandyran Muhammet Bahaweddin Nagyşbendiniň ady birnäçe taryhy kitaplarda uly hormat bilen tutulýar. Onuň şahsyýetiniň tarypa we öwgä mätäç däldigi, onuň tarypynyň sözlere sygmajakdygy dogrusynda agzalyp geçilýär. Bahaweddin Nagyşbendi il arasynda Bahaweddin Belagerdan, Bahaweddin pir, diwana Bahaweddin ýaly atlar bilen tanalan bolsa, ulamalardyr öwlüýäleriň arasynda Bahaweddin Muhammet Nagyşbendi, Şeýh Bahaweddin, Hezreti işan, Uly hoja ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Mawerennahrdan Merkezi Aziýa, ondan soňra-da tutuş yslam dünýäsine ady ýaýran Muhammet Bahaweddin nagyşbendiçilik tarykatynyň gurujysy, şol akymyň şasy hasaplanýan beýik alym bolup, onuň halypasy bolsa Pyragynyň goşgusynda hem beýan edilýän Seýit Emir Külal (Mirkulal) hezretleridir.

Beýnili sütün

Häzirki zaman ylmynyň juda ösendigine garamazdan, syr ýumagyny çöşlemekden ejiz gelýän bir synamyz bar. Ady — beýni. Beýnimiziň juda ýeňillik bilen ýerine ýetirýän işlerini nähili amala aşyrýandygy alymlar üçin juda çylşyrymly mesele. Aslynda, onuň bilinýänje aýratynlyklary hem özümiziň näderejede kämil hem täsin barlykdygymyza akyl ýetirmek üçin ýeterlik. — Geçirilen ylmy barlaglarda, takmynan, 1,5 kilogram agrama barabar bolan beýnimiziň maglumatlary toplap, saklamakda hiç bir çäginiň ýokdugy anyklandy.