"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ol merdiň ogludyr

Türkmen halkynda irki döwürlerden bäri mertlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk ýaly häsiýetlere türkmen ýigidine mahsus häsiýetleriň iň esasylary hökmünde garalypdyr. Maşgalada oglan perzendi ýaşlykdan şeýle häsiýetlere uýgunlaşdyrypdyrlar, olara pent-nesihatlaryň üsti bilen arly-namysly, merdana bolmagy sargyt edipdirler. Şeýle asylzada häsiýetler ХVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda:

Danalardan dürdäneler

Men hemişe işeňňirligiň zerurdygyna ynanýaryn we heran-haçan ylhamyň gelerine garaşmaýaryn. Jek London.

Asyrlara güneş bolan Pyragy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara derejesinde giňden bellenip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýup, şeýle ajaýyp çäreleriň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem yzygiderli geçirilmegi şahyryň beýikliginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da ata Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň bilim alýan ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine bagyşlanan çäreleriň yzygiderli guralýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriň agramly bölegini hem beýik akyldaryň baý döredijilik dünýäsine bagyşlanan çäreler düzýär. Söz ussady Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kuwwatly sütünidir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldaryň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alypdyr. Dana Pyragynyň garaşsyz, berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik baradaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Akyldar şahyryň many-mazmunly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kämil okamaga, halal zähmet çekmäge, belent maksatlary nazarlamaga ruhlandyrý

Pyragy

Bu gün ýurdum ýaş toýuňy belleýär, Danalar danasy, dana Pyragy!

Diňe ýürek hakynda

Ýürek gözden gowy görýär. Arap pähimi.

Uýgur nakyllary

Giýewiň ýaman bolsa gyzyňdan, gelniň ýaman bolsa ogluňdan gör. Köp ýagmyr ýeri bozar, köp sözlemek — äri.

Rowaýat

Pilli söweş “Derýa boýuny syryp äpet goşun gelýärmiş. Öňdäkiler torç edensoň yzdaky atlara ot ýetenokmyş. lň aýylganjy, dört sany alaň ýaly pil diýen söweşiji mahlugy hem barmyş. Baran ýeriniň galasyny gum-kesek, ilatyny gul edip sürýän duşmanda rehim-şepagat ýokmuş...”.

Arkadagyň ak ýoly

Dünýä mälim beýik işleri bilen,Bagta ýaran etdi halkyň ykbalyn.Her gün ýeňişlerden ýeňşe besleýär,Şamçyrag dek lowurdaýan ak ýolun. Pähimi, paýhasy umman ýalydyr,Merdanadyr, açyk göwün, ak ýürek.Bu babatda, eý, mähriban adamlar,Arkadagdan nusga almagmyz gerek.

Jaýrykly küýze

(Hekaýat) Bir döwürler Hindistanda suw daşaýjy bir adam bolupdyr. Onuň iki sany küýzesi bar eken. Ol boýnundan geçirilen agaç taýagynyň her ujuna bir küýzäni asypdyr. Küýzeleriň birinde jaýryk bar eken, beýleki küýze bolsa abat eken we onda doly, jaýrykly küýzede bolsa ýarty suw äkitmek mümkin bolupdyr.

Waspnama

A-how, halaýyklar, a-how, jemende,Waspy şahyr-bagşylaryň dilinde. Ýurdumyz bar Arkadagly görkana,Ýürekler şat, göwünlermiz erkana.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi

Gahryman Arkadagyň halkymyza serpaýy:Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi!Alkyşlaýas Arkadagy, Arkadagly Serdary,Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi! Arkadag şäherine bu gün görenler aşyk,Şanyna şygyr ýazýas, köňülde ylham joşup,Bu sungat baýramyna geldi şahyrlar üýşüp,Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi!

Magtymgulynyň mekany

Mynasypdyr magtalmaga,Magtymgulynyň mekany.Myhmansöýer mähribana,Magtymgulynyň mekany. Meňlisi mähir-muhabbet,Magşuklyga mydam medet!Mertebeli milleti mert,Magtymgulynyň mekany.

Synçy tebip

Lukman Hekim Bagdada barýarka, kiçiräk şäheriň çetinde bir adamyň dükan açyp, däri-derman satyp, tebipçilik edip oturanyny görüpdir. Ol tebibiň ýanynda säginip, birsellem onuň hereketlerini synlapdyr. Şol wagt bir zenan hassasyna derman gözläp, tebibiň ýanyna gelipdir. Tebip aýala garap: — Sen syrkawyň hyzmatkärimi? Hojaýynyň öýi şäheriň gündogaryndamy? Ol düýn gatyk içdimi? — diýip, sowal ýagmyrynyň bujagyny çözläpdir. Zenan tebibe baş atmak bilen «Hawa» diýen jogaby beripdir. Lukman Hekim bilen birlikde birnäçe ötegçi hem bu ahwaly synlap, tebibiň üşükliligine haýran galyp seredipdirler. Biraz wagtdan tebibiň ýany boşansoň, Lukman oňa:

Durmuş pelsepeleri

* Duýmak endigi adamzadyň iň uly başarnygydyr. * Ýürek bu gözsüz görýän, dilsiz sözleýän närsedir.

On iki sany... (Hekaýa)

Başga obalarda nähilidigini bilemok welin, biziň obamyzda ýaz gelip, howa maýlansoň, hojalykçy zenanlar kürk towuklaryny basyryp, jüýje çykarmagyň irginsiz aladasy bilen başagaý bolýarlar. Şolaryň arasynda ejemiň halypalyk etmeginde biziňem maşgalamyz bardy. Şeýle günleriň birinde ejem howlymyzyň aýak ujundan alty sany ýer ketek gazdyrdy. Üstüni akbaşdyr ýandak bilen basyryp, içine saman düşedi. Soňundanam doganym Ogulnar bilen ýygnan ýumurtgalarymyzy bir ýere üýşürtdi-de, olaryň daşyna atanak şekilli edip, howludaky meýdan ojagyň üstünde duran kyrk gulak gazanyň garasyny çaldyrdy. Çalnan şol gara bellikler bardy-geldi basyrylýan towuk şol ýumurtgalaryň üstüne täzeden ýumurtgalaýsa, olary tapawutlandyrmak üçin gerek eken.

Erik bişende... (Oýlanma)

Men çagakam howlymyzyň sag ganatynda ösüp oturan üç düýp erik agajy miwesiniň datlylygy bilen beýleki eriklerden tapawutlanýardy. Enemiň atlandyryşy ýaly, bizem ol erikleri «atamyň erigi» diýip atlandyrýardyk. Miwesi ýetişen wagty orta ululykdaky gyzylymtyl sary öwsüp duran erikleriň tagamy örän üýtgeşikdi. Enemiň ol eriklerden yhlas edip ýygyp, kölegede guradyp, taýýarlaýan kişdelerini diýsene! Howluda başga-da erik agaçlary kändi. Ýöne biziň üçin bu üç düýp erik aýratyn ezizdi. Atamyň özi-hä: «Bu howludaky erikleriň hemmesi bir kökden ýaýran, ýöne men bu üç düýbi öz elim bilen oturtdym, öýe has golaý ýerleşensoň, ilki bilen, şulara seredýän. Size üýtgeşik ýaly duýulýany şonuň üçin bolaýmasyn» diýerdi. Enem bolsa: «Ataňyz şol üç düýp erigi öz çagalary ýaly eziz görýär, her gün irden turup, şolaryň ýanyna baryp, esli wagt olaryň daşyndan aýlanyp, olar bilen «gürleşýär». Şonuň üçin ol erikler beýleki eriklerden tapawutly» diýip degşen bolardy. Ýöne enemiň degşip aýdýan bu gürrüňleri gaty bir degişmä-de meňzänokdy. Degişmä görä hakykata has ýakyndy. Özümem kän gezek ir bilen atamyň şol erikleriň ýanyndan aýrylman, öz-özi bilen gürleşýän ýaly bolup ýöreniniň şaýady bolupdym. Iň täsin galdyrýan ýeri-de, atam segsen ýedi ýaşap, «dünýäsini täzelänsoň», bir ýyldan kän wagt geçmänkä ol erikler hem guramak bilen boldy. Men şonda «Diňe adam ogly däl, eýsem, agaçlaram ezizlenenini, mähir

Körpelere okap beriň!

Tomus Yzda galdy ýaz pasly,Tomus – yssy düşüpdir.Ýetişipdir halyly,Eýýäm erik bişipdir.

Tüýdügiň owazy (Hekaýa)

Biz onuň adyny Münnük diýip tutýardyk. Sebäbi obamyzda onuň üstüne münmedik çaga ýokdy. Janawar tüýs gumuň malydy, depmäni-gapmany bilmezdi. Golaýyna barsaň hem ilki eliňi ysgap görerdi, soň başyny aşak egerdi. Bu onuň gel üstüme mün diýdigidi. Alkymyndaky ýüňe eliňi ýetirseň hem, ýuwaşjadan başyny galdyrardy. Soň gerşine atlanýançak mizemän durardy. Onsoň, Münnügiň üstüne münseň dünýä aýagyň aşagynda ýalydyr. Käte biz oňa üç bolup münerdik, käte-de dört bolup. Ol seniň sanyňa seretmez, sygybilseň boldugydyr. Ýeriň pesi bilen şo-ol gider oturardy. Heniz säher gijäniň elinden doly sypmanka Ogulla ony sagyp örä çykarardy. Soň biz onuň örüden gelerine howlugardyk. Oňa bizden hem beter howlugýan onuň köşejigidi. Janawarjyk enesi bilen sesi alşandan bozlap ugrar. Münnük janawaram oňa jogap edip, garabagyr enäniň balasyny soraglaýşy ýaly hamraklyk bilen özüniň ýetip barýanyny duýdurardy. Şol bozlama meniň şu wagt hem gulagymdan gidenok. Onda hem-ä ýakymly ýadawlyk bardy hem-de argyn begenç. Onsoň biziň hemmämiz Ogullanyň çykaryna garaşardyk. Gazygyndan boşanan köşejik guýrugyny jaýtardyp enesine tarap ýönelerdi. Köşejigiň agzy köpükden dolandanam, könege düşýän süýdüň sesi eşidilip başlar. Ol hiç bir saza meňzemeýän, hiç bir nota sygmaýan gumuň öz mukamydy. Edil dutar perdesi ýaly aşakdan ýokarlygyna galyp, güžžüldäp ses ederdi. Bu görnüşi synlamak diýseň ýakymlydy.

Dutaryň sesi (Durmuş pursatlary)

Käýarym şeýle bir obany küýseýärin. Ol meniň üçin alyslarda galan ýaşlygym, üznüksiz şatlygym bolup görünýär. Ine, ýene-de dogan didaryna teşnelik, oba bolan küýsegim meni aýal doganymyň öýüne tarap alyp gitdi. Agşamyň şapagynda uýam häsiýetime belet bolany üçin, daşardaky sekiniň üstüne täzeje keçeleri düşäp, gök çaý demläp, basyrypdyr. Ol meni mähribanlyk bilen garşylady. Her gezek oba gelenimde öýe girmezden öň giň howlymyzy synlap oturmagy halaýanlygym aýal doganym üçin täzelik däldi. Haý diýmän hem garaňky gatlyşyp, ýyldyzlar ýere dökülen akja patrak ýaly bolup göründi. Biz uýam bilen aramyzdan ir giden iň uly aýal doganymy ýatlap gürrüňe başladyk. Ol hemişe asmanyň dury wagty, ýyldyzlary synlap, şu aýdyma hiňlenerdi: —Wada wagty bolynça,Aý asmana galynça.Garaşaryn gelinçäň,Ýyldyzlaryň astynda.

Akyldar şahyryň döredijiliginde Watan waspy

Mertlik we gaýduwsyzlyk pederlerimiziň durmuş pelsepesinde esasy orny eýeläp, halkymyzyň milli döredijilik mirasynda ör-boýuna galýan taglymatdyr. Ata-babalarymyzyň bu durmuş hakykaty asyrlarboýy halkymyzyň aň-düşünjesine, ynam-ygtykadyna siňdirilip, bize miras galdyrylan gymmatly düşünjelerdir. Erkinligi, parahatçylygy söýýän halkyň olary gorap saklamagy üçin merdi-merdanalyk ýörelgesiniň has öňe çykýandygy düşnüklidir. Türkmeniň mertlik mekdebi has irki zamana daýanýar. Oguz hanyň döwründen Erkil Hoja, Gorkut ata, orta asyrlarda Möwlana Jelaleddin Rumy, Beýik Seljuklarda Abul Haýr Mäne baba, Nyzam al Mülk ýaly mertlik düşünjesini wagyz eden şahsyýetler bilen birlikde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ornuny hem aýratyn bellemelidiris. Onuň döredijiliginde ahlak gözellikleri, durmuş pelsepesi bilen bir hatarda watansöýüjiligiň özenini emele getirýän merdi-merdanalyk, är ýigitlik, gahrymançylyk has aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Şahyr şygyrlarynyň üsti bilen tutuş adamzada ýüzlenip, wepalylyk, rehim-şepagat, sabyr-kanagat, mertlik, ygtybarlylyk, mertebe we jogapkärçilik, kiçigöwünlilik, bähbide çapmazlyk, duýgurlyk ýaly gymmatly düşünjeleri wagyz edipdir. Magtymguly Pyragy «Türkmeniň» atly ajaýyp goşgusynda türkmen dünýäsini – tebigatyny, däp-dessurlaryny, hoşgylaw adamlaryny, il agzybirligini wasp edipdir. Akyldar şahyryň «Türkmeniň» şygrynda halkymyzyň ajaýyp häsi