Tehnikalar özleşdirilýär

26 Aprel 2021
1359

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen zähmetkeş daýhanlarymyza ýetirilýän häzirki zaman «CLAAS» kysymly oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň tebigy şertlerinde gowy netijeler bilen işlemäge ukyplydyklaryny görkezýärler. Ýurdumyza getirilen «CLAAS» kompaniýasynyň aýratyn berk polatdan ýasalan «Lemken», «Europal» kysymly azallary bilen üpjün edilen traktorlary, «Tucano - 430» kysymly däne we şaly orujy kombaýnlary ekin meýdanlarymyzda öndürijilikli işledilýär.

Bu tehnikalara erk ediji hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde 2012-nji ýylyň noýabr aýynda açylan «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň ähmiýeti uludyr. Okuw merkezinde talyplara kämil tehnologiýalar we «CLAAS» tehnikalarynyň gurluşy hem-de işleýiş esaslary öwredilýär. Şeýle hem talyplarymyz ABŞ-nyň «API-agro» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Case», «John Deere» kysymly traktorlaryň, däne we pagta ýygýan kombaýnlaryň gurluşyny we işleýiş aýratynlyklaryny, olara gözegçilik edilişiniň kadalaryny, sazlanyşynyň we ulanylyşynyň ýola goýluşyny, ýurdumyzyň toprak we howa şertlerimizde olardan peýdalanmagyň aýratynlyklaryny we olardan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny, olar bilen howpsuz işlemegiň düzgünlerini öwrenýärler.

Selimmyrat AMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.