Zeminiň ýaraşygy topragyň berekedi

26 Aprel 2021
1131

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly ene topraga oturdyljak 30 million düýp bag nahaly bilen has-da şöhratlanar. Badalgasy 20-nji martda berlen bag ekişlik möwsümi güýze çenli dowam eder. Bu aralykda, bir söz bilen aýdylanda, ýurdumyzda ägirt uly tokaýyň düýbi tutular. Bu asylly we sogaply işe Farap etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem mynasyp goşant goşýarlar.

Sag kenarda gür baglyk
Şu ýyl Amyderýanyň sag kenaryndaky etrapda ýaş nahallaryň ýüz müňlerçe düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Olaryň eýýäm agramly bölegi oturdylyp, ideg işleri başlandy. Etrapda yglan edilen iki aýlygyň dowamynda her hepdäniň dynç alyş günlerinde köpçülikleýin çäreler geçirilip, şol günlerde baglaryň idegine aýratyn üns berilýär.