Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

26 Aprel 2021
1107

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Jeýhun ýakasyndaky ekerançylyk ýerlerinde, şol sanda Farap etrabynda hem gowaça ekişi dowam edýär. Etrapda döredijilik saparynda bolanymyzda, ekişiň barşy bilen tanşyp, gyzykly maglumatlaryň birnäçesini aldyk.

Şu ýazgylar bilen ugurdaş synlaýan suratlaryňyz «Farap» daýhan birleşigine degişli meýdanlarda düşürildi. Ýuwuş suwundan soňky agrotehniki çäreler bilen ekişe doly taýýar edilen ýerlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileý ýylynyň «ak altyn» harmanynyň düýbi üstünlikli tutulýar.