Kombaýnlar galla oragyna taýýarlanylýar

14 Aprel 2021
1248

Welaýatymyzyň gallaçylary şu ýylyň orak möwsüminde 80 müň tonna guşgursak azyklyk däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Kärendeçilerdir ýer eýeleri şu günler 50 müň gektarda endigan boý alýan bugdaýly meýdanlara agrotehniki idegi talabalaýyk alyp barýarlar.

Bahar paslynyň amatly günlerinde bugdaýly meýdanlara ideg etmek işleri bilen birlikde, öňde duran galla oragyna kombaýnlary taýýarlamak işleri hem guramaçylykly ýola goýulýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary, mehanizatorlary hem-de inžener-tehniki işgärleri galla orujy kombaýnlaryň 180-sinde abatlaýyş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Mehanizatorlar Myratberdi Tagangylyjow, ªamämmet Mämiýew, kebşirleýjiler Batyr Orazow, Pyhamberguly Tüňňüýew, abatlaýjy ussalar Aman-geldi Nurmämmedow, Amangurban Mämmetgurbanow bu işde göreldeli zähmet çekýärler. Zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň öz wagtynda jemlenilip goýulmagy kombaýnlary möwsüme irgözinden taýýarlamaga mümkinçilik berýär.