Ter gök önümler — ak bazarlaryň bezegi

26 Mart 2021
1047

Naýbaşy baýramymyz bolan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny giňeltmek babatdaky tutumlar täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen berkarar Diýarymyzyň welaýatlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan alty sany ýyladyşhananyň dabaraly ýagdaýda açylyp, birbada ulanyşa tabşyrylmagy munuň subutnamasyna öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň bagtyýar ilatynyň toý şatlygyny artdyryp, «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsi bolan bu taryhy pursat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde netijeli sepgitlere ýetilýändigini ýene bir ýola tassyklady. Ter gök önümleri bilen zähmetsöýer halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereket bolçulygyny has-da artdyrjak ýyladyşhanalaryň arasynda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanýan döwrebap ýyladyşhananyň mynasyp orun eýelemegi guwandyryjydyr. Umumy tutýan meýdany 4 gektar bolup, ýylda bir gektardan 20-50 tonna gök önümleri ýetişdirmek meýilleşdirilýän döwrebap ýyladyşhana welaýatymyzyň telekeçileriniň hem hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna şaýatlyk edýär.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».