Taryhy gymmatlyklar arzylanylýar

24 Mart 2021
1614

Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşligi maldarçylyk hojalygynda idedilen garaköli we sur goýunlary bilen meşhurlyk gazandy. Bu hojalygyň adyny dünýä çykaran wakalaryň biri hem mundan 40 ýyl ozal ― 1980-nji ýylda geçirilen halkara sergi-bäsleşigi boldy.

Tallymerjenli maldarlar şol halkara sergi-bäsleşigine sur goýunlarynyň we geçileriň gatyrylan görnüşi bilen gatnaşypdylar. Günorta-gündogar Türkmenistandan baran maldarlaryň sergä hödürlän gymmatlygy uly gyzyklanma döredipdi. Olar ýörite Hormat haty we sergi-bäsleşigiň bürünç medaly bilen sylaglanypdylar.

Tamara GANDYMOWA,
Döwletli etrabynyň Tallymerjen oba medeniýet öýüniň müdiri.