Çagalar baglarynda öňdebaryjy usullar

25 Fewral 2021
874

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli pugtalanýar, bilim ojaklarynda döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak doly ýola goýulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda elektron gorlaryny edinmek, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler giň gerim alýar.

Elektron tanyşdyryşlar sesli, dürli şekiller arkaly hereketli (animasiýa arkaly) berlende çaga üçin has hem gyzykly bolýar. Çaganyň ünsüni çekmek, berilýän maglumaty ýatda galyjy edip düşündirmek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Kompýuter, multimediýa tehnologiýalary okatmagyň usullarynyň kämilleşmegine getirdi, öň ulanylyp gelinýän usullary, ýagny sözüsti usullaryny baýlaşdyrdy. Munuň özi okatmak usullaryna täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Gürrüň bermek usuly sapaklarda seýrek ulanylyp, çaganyň döredijilikli, özbaşdak işlerini guramak usullaryna uly orun berilýär.

Merjen TÄÇDURDYÝEWA,
Tejen şäherindäki 15-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.