Bilimli nesil — kuwwatly Watan

15 Fewral 2021
1088

Bäsleşik geçirildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda her güni ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly bilim ulgamynda hem uly sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda hem baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw--tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem ylym-bilimiň ösmegine uly itergi berýär. Bu bolsa halkara guramalary, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde, bu edilýän tagallalaryň hemmesi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar üçindir.