Ylmy gözlegleriň şowly netijeleri

15 Fewral 2021
863

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ulgamyň ornuny giňeltmek boýunça edýän tagallalary öz miwesini berýär. Bu tagallalaryň bir ugry dürli maksatly Internet saýtlaryny döredip, şolaryň üsti bilen maglumat goruny dolandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen iş maslahatlarynyň birinde hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dürli web-saýtlaryň 500-den gowragy döredilip, bellige alyndy.

Bu işiň begendiriji tarapy, saýtlary döretmäge ýaş programmaçylaryň ýakyndan gatnaşýandygydyr. Dürli ugurlar boýunça gollanmalardyr maglumat gorlaryny web-saýt görnüşine geçirmäge synanyşyk diňe bir ýörite bilimli hünärmenleriň däl, eýsem, mekdep okuwçylarynyň ylmy-taslama gözleglerinde hem göze ilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary hem şeýle maksatly tutumlaryň birnäçesine girişdiler. Şu ýazgylarymyzda şolaryň ikisi bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.