Il agzy

2 sagat öň
3

Könekileriň «Alla gözden salmasyn!» diýen sözleri, gepiň gerdişine görä, heniz-henizlerem ulanylagan. Ol-a, adama ilki buýrulan söz eken, sebäbi bolmasa çöp başy gymyldaýamy diýsene! Gelende aglap, ýöne begendirip, gidende agladyp gidýän adam oglunyň şu ikaradaky ömür diýlip goýberilen, kime näçeräkligi näbelli pursadynda bar zat sebäpli. Sen onuň şeýledigini inkär etjek bol, başartmaz, ykrar tarapyna geçeniňi, şonluk bolanyňy duýmanlar galarsyň. Döreýiş taryhy milliardlap, millionlap ýyllary hasyl eden zamanadyr eýýamlaryň içinden geçip gaýdan ummanlardyr deňizler öz-özünden dörändir öýdýäňizmi? Ýok-la. Munda bisebäp zat barmy? Heniz gaty gadymy, juda irki döwürden söz açylsa, ony Nuh eýýamyna, Nuhuň tupanyna deňelegen. Nuh ata halas bolmak üçin gämä münäýmänkä, ýokardan gelen buýruk bilen her jandardan bir jübütini ýanyna alýar. Gidip barşyna günleriň birinde gury ýere gözi düşmezmi? Munuň şeýle boljagyny heniz ýoldaka agzy guruja çöpli kepderiniň bolşundan-da oraşan aňan Nuh, aman-sag ýere düşýär. Dünýäniň süri-süri dowarynyň urbalygy Nuh atanyň gury ýere çykaran mallaryndan bolarly. Biziňkilerde «Dowar başy dörtden, düýe başy birden» diýen gürrüň bar. Ol goýun ýa düýe urbasyny tutunjagyň gürrüňi. Urba edinjek bolýan goýun bolsa Musasynda, düýe bolsa Weýis babasynda belli maly göz astyna alagan bolýar. Urbasy şeýde-şeýde tutulan mal, elbetde, orta mekdebiň matematikasyndaky kwadrata götermek ýaly bolmasa-da, dowar her ýyl sanma-san, düýe ýylaşa şeýle köpelipdir.

Bu gadymy halkyň birini alyp, beýlekisini goýup bolmajak ýagşydan-ýagşy dessurlarynyň arasynda inji bermek dessury-da bar. Gözi gara düşenje çaganyň şuk-şuk edip, barmajygyny sormasy ýadyňyza düşýärmi? Ýok, ol heniz arlykdakyjanyň doýa garna emmänliginden, şonuň üçinem kem-köşeliginden däl. Türkmen ynanjyna görä, onuň sebäbi başga. Şeýle başga sebäbi körpejäniň ejesi bolan duýýar, ol «Ýedi başly kel eklän» diýlen, ençe çagany ýetişdirip, adam sanyna goşan enesine-de düşnüklidir, ýakymlydyr. Bagryndan önenjäň bolşuny dile alyp, agyz dolduryp oturmaga gaýynynyň ýanynda ejap etse-de, agtygynyň bolşuna ene begenmek begener. Arlyklyjanyň babasydyr daýysy ikisiniň birden-biriniň barynda körpejä ümläp: «Bergili bolduňyz gerek!» diýer. Babasy bolan beýle sözler üçin galaňramaz, arkaýyndyr. Görseň, gaýtam ýylgyryp oturandyr. Ýylgyrman nädersiň? Gulagynyň eşidýänleri bergä-borja batyryp, dagy-duwara özüňi tutmaza saljak zat däl. Sallançakdakyja gyzyndan bolan agtyjagy barmajygyny sorýan bolsa, inji dileýändir. Beýle dessuryň Nuh atadan, Musa pygamberden, Weýis babadan gaýtmaýanyny kim bilýär? Halkda bir häsiýet bar: oňlamaýan zadynyň düýbüne aşyk atýar. Gideniniň ugry taryhyň zibilhanasyna tarap. Galany weli, galan şekilli galýar. Hersi öz ornuna halk mekdebi, halk instituty bolup ýören beýle däbiň, dessuryň, inüw-çykuwdyr ýörelgäniň umumadamzat gymmatlygy derejesine ýetenleriniň, aýdylyşy ýaly, sanasaň sogaby bar. Inji bermek dessury-da şu ýagşy günlerimize gelip ýeten şeýle dessurlaryň biri. «Daýyly oglan dartyk» diýlişi ýaly, daýysyndan, babasyndan çebiş-çerleň, tokly-toram, hatda el ýoky bar diýilýänlerden bolsa, düýä çenli injili çaga aga-gara düşünip ugransoň, «Ber, berekediň artar», «Berenje el gowy» diýen garaýyşlaryň çäginden has aňyrrak geçýär. Daýysyna, babasyna hormaty, obasyna hormat, il-güne, Watana söýgüsi bilen utgaşyp gidýär.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».