Pyragynyň arzuwlarynyň beýany

6 sagat öň
13

Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk syýasatyny öňe sürýän Garaşsyz Diýarymyzda agzybirligi baýdak edinilip geçilýän ýollarda gazanylýan uly ösüşleriň, ýetilýän üstünlikli sepgitleriň dabarasy dag aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiliginde şu günümiziň bagtyýarlygy, geljegimiziň gülzarlygy nazara alnyp başy başlanan işleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň durmuşymyzda ýylsaýyn döredýän özgerişliklerine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýan günlerimizde hem şaýat bolýarys.

Oguz han, Gorkut ata, Mälik şa, Soltan Sanjar, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri dünýä beren, Hakyň nazary düşen Diýarymyzda bu gün ata-babalarymyzdan gelýän we asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Pederlerimiziň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýaly nakyla öwrülen ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumylykda ykrar edilen demokratik, milli ýörelgelerimize esaslanylyp geçirilýän Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däplerine ygrarlylygyň durmuşy beýanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi halkymyzyň her bir tutumy ulus-il bolup geňeşli başlamak dessurynyň döwrebap görnüşidir. Maslahata welaýatlarymyzdan, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinden wekilleriň gatnaşmagy bolsa türkmen jemgyýetiniň jebislik, watansöýüjilik binýadynyň berkdigini görkezýär.

Amangeldi GANDYMOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary.