Meýletinçiler Elbrusda

2 gün öň
18

Meýletinçileriň 1 müň 500-den gowragy Elbrus dagynyň etegini zibilden arassaladylar. Kabardin-Balkariýada «Arassa dag» ady bilen ekologiýa festiwaly geçirildi.

Düýpli arassalaýyş işleri dagda deňiz derejesinden dört müň metre çenli belentliklerde geçirildi. Her bir meýletinçä işlemek üçin ýer bölünip berildi we dagda hereket etmegiň düzgünleri öwredildi. Şeýle hem, Ýewropadaky iň uly dag belentliginiň ekologiýasyny goramagyň wajypdygy düşündirildi.

Çary ÇARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.