Gant şugundyry düşewüntli ekin

2 gün öň
14

Garagum etrabynyň hasyl ussatlary ýerleriň medeniýetini ýokarlandyrmak, hasyllylygyny artdyrmak maksady bilen, ekin dolanyşygyna aýratyn üns berýärler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda etrap boýunça bugdaýdan boşan ýerleriň 6 müň gektaryna aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, ýokary gögeriş gazandylar. Gant şugundyry ekilen meýdanlary haşal otlardan arassalamak, ekinleri zyýankeşlerden goramak işleri hem gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu işler etrabyň «Ak altyn», «Baýramaly» daýhan birleşiklerinde «Erkin sähra», «Erkin toprak» daýhan hojalyklarynda ýokary guramaçylykly alnyp barylýar.

Bir ýylda ýerden iki hasyl alynmagy, bir tarapdan ýeriň düşewüntliligini artdyrsa, ikinjiden, topragy gurplandyrýandygyna öz iş tejribelerinde göz ýetirýän garagumly daýhanlar ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda etrap boýunça 6 müň gektar ýere gant şugundyryny ekip, 75 müň 120 tonna hasyl almaklygy meýilleşdirýärler.

Gandym ORAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garagum etrap birleşmesiniň başlygy.