Adamzat kalbynyň hossary

16 Sentýabr 2024
46

Ýer ýüzündäki her bir millet özboluşly milli gymmatlyklary, äleme meşhur bolan beýik şahsyýetleri hem-de döwürleriň, dünýäniň özgerişine goşan mynasyp goşandy bilen tanalýar. Olaryň aglabasy adamzadyň aňynda, göz öňünde şol milletiň ruhy dünýäsi, keşbi bolup janlanýar. Munuň mysalyny özge ýerden gözlemegiň hajaty ýok. Çünki ýelden ýyndam gamyşgulak bedewler, wepaly, syzgyr, babyr bilekli alabaýlar, gaýtalanmajak sungata öwrülip, barlygyň gözelligi, halkyň ykbaly hem-de zenan kalbynyň ahwaly siňdirilen nepis halylar, şeýle-de lerzana gelen tebigaty-da owazyna melul eýleýän dutar, iň esasy hem, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy dogrusynda söz açylanda, ähli ynsan badabat guwanç bilen «türkmen» sözüni dile getirýär.

Häzirki wagtda türkmen danasynyň ömrüni we edebi döredijiligini öwrenmek, ony wagyz etmek diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, halkara, sebit hem-de dünýä derejesinde alnyp barylýar. Dünýäniň iri guramalary, jemgyýetçilik birleşikleri adamzat abadançylygynyň, ruhy kämilliginiň hem-de ynsanperwer, dostlukly gatnaşyklaryň, medeni hyzmatdaşlygyň pugtalanmagynyň altyn açarlarynyň biri hökmünde türkmeniň nusgawy şahyrynyň gymmaty egsilmejek ebedi mirasyna uly ähmiýet berýär, ony esasy maksatlaryň çelgisine öwürýär.

Meýlis GARAJAÝEW,
žurnalist.