Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

11 Sentýabr 2024
21

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylym, bilim we medeni ulgamlarda alyp barýan halkara dostlukly gatnaşyklary uly rowaçlyklara beslenýär. Halklaryň özara gatnaşygynda söz hem saz birek-birege ynanyşmagyň, hormat goýmagyň iň ygtybarly we bähbitli serişdesi hökmünde hiç döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Halkymyzda «Dilim bar — dünýäm bar», «Bir dil bilen bir adam, köp dil bilen köp adam», «Dil bilen dünýäni gezer» ýaly pähimler durmuş tejribeleri esasynda ýüze çykypdyr. Dil diňe bir bilim almagyň, ylymly bolmagyň çeşmesi bolman, eýsem, terbiýeçilik işinde-de ägirt uly täsir ediji güýje eýedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri bu babatda örän uly ähmiýete eýedir. Ynsanyň kalbynda orun alan mähribanlyklara, milli gymmatlyklara bolan sylag-hormat, söýgi çäk hem wagt talap etmeýän düşünjeler hasaplanýar.

Bahar ATANYÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.