Halkara baýraklar — ösüşli menzilleriň subutnamasy

11 Sentýabr 2024
19

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde bolan gulluk iş sapary hem güwä geçýär.

“World Smart City Expo” atly halkara sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylygynda ulanylýan serişdeleriň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen amala aşyrylan bu gulluk iş saparynyň netijesinde ýurdumyzyň “akylly” şäheri — Arkadag şäheri halkara baýraklarynyň 3-sine mynasyp boldy. Has takygy, 116 pawilýony özünde jemleýän sergide Arkadag şäheriniň aýratynlyklary we mümkinçilikleri tanyşdyrylyp, onda aýry-aýry ugurlar boýunça baýraklar gowşuryldy. Olaryň hatarynda Arkadag şäherine “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklar berildi.